Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy. Seljermeler zenanyň sag tarapky äň bognunyň mäjum bolandygyny görkezdi. Bu agyr şikes oňa gürlemäge we kadaly iýmitlenmäge mümkinçilik bermändir. Emma süňkleriň biten yzlary äňiň işjeňligini dikeltmäge gönükdirilen hirurgiýa operasiýasynyň geçirilendigine şaýatlyk edýär. «Şeýle ýönekeý protezirleme bogun ýüzlerini bilelikde saklamaga we hassanyň äňini hereketlendirmegine ýardam beripdir. Bogunlar işläpdir, emma güýçli agyry sebäpli zenan şikesli tarapy bilen iýmit çeýnäp bilmändir» diýip, medisina ylymlarynyň doktory, professor Andreý Letýagin belleýär. Tomografiýa bogun böleginde emeli usul bilen açylan iki sany kanaly we äňi saklamak üçin ulanylan maýyşgak materialyň galyndylaryny ýüze çykardy. Zenanyň operasiýadan soň hem esli ýaşandygyny dişleriniň könelen ýagdaýy-da tassyklaýar. 1994-nji ýylda tapylan Pazyryk medeniýetine degişli bu gubur berk listwennisa agajynyň kesindisiniň içinde ýerleşdirilipdir. Bu bolsa hatda gymmat bahaly şaý-sepleriň ýoklugyna garamazdan, zenanyň öz jemgyýetinde örän uly hormata eýe bolandygyny görkezýär. Barlagçylaryň çaklamasyna görä, beýle agyr şikes atdan ýa-da belentlikden ýykylmak netijesinde ýüze çykyp biler. Operasiýadan soňra zenanyň anyk näçe wagt ýaşandygyny kesgitlemek mümkin bolmasa-da, barlagda hirurgiýa işiniň ýüze çykarylmagy pazyryklylarda lukmançylyk biliminiň diýseň kämil derejede bolandygyny tassyklaýar.