Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar. Apple saz we wideo hyzmatlaryna emeli aňy (AI) işjeň ornaşdyrýar. Apple Music-de peýda bolan Playlist Playground funksiýasy tekst buýruklary arkaly pleýlistleri döretmäge mümkinçilik berýär. Algoritmler ulanyjynyň şol wagtky şähdine ýa-da isleg bildirýän žanryna görä sazlary awtomatiki saýlaýar. Apple Podcasts indi wideo-podkastlary awtonom (oflaýn) tertipde ýüklemegi goldaýar. Täze pleýer bolsa audio we wideo formatlarynyň arasynda bökdençsiz geçişi üpjün edýär. Apple kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlaryň gizlinligi baradaky talaplaryny has-da berkitdi. Ogurlanan enjamlary goramak funksiýasy indi standart hökmünde elýeterli bolar. Ol telefon ogurlanan ýagdaýynda şahsy maglumatlara girişi iň pes derejä düşürýär. RCS habarlarynyň şifrlenmegi: RCS (Rich Communication Services) protokoly arkaly ugradylýan habarlar üçin "uçdan-uja" (end-to-end) şifrlemek ulgamy synagdan geçirilip başlandy. Bu ädim iMessage däl ulanyjylar bilen hem ýazyşmalaryň iň ýokary gizlinligini üpjün eder. Apple Account: Hasaplary dolandyryş merkezi abunalara we şahsy sazlamalara has aňsat gözegçilik etmek üçin bir bitewi dizaýna eýe boldy. ÝB-niň regulýatorlarynyň talaplaryna laýyklykda, Apple öz ekoulgamyny "ýat" enjamlar üçin has-da açyk etdi. Apple-den bolmadyk aksessuarlar we akylly sagatlar indi iPhone bilen has gowy integrasiýa bolar. Munuň üçin ýakyn aralykda utgaşdyrma tehnologiýasy ulanylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir