Geçen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Galatasaraý», «Borussiýa» (Dortmund), «Pari Sen-Žermen» we «Real» ýeňiş gazandylar. Lissabondaky dawa Lissabonda Madridiň «Realy» ýerli «Benfikadan» 1:0 hasaby bilen üstün çykdy. Oýundaky ýeke-täk goly ikinji ýarymyň başynda Winisius Žunior urdy. Duşuşyk birnäçe dawaly ýagdaýlar ýüze çykdy. Oýun 10 minutlap saklandy – Winisius «Benfikanyň» oýunçysy tarapyndan özüne jynsparazlyk kemsitmesi aýdylanlygy barada eminlere şikaýat etdi. 84-nji minutda bolsa «Benfikanyň» baş tälimçisi Žoze Mourinýo oýundan kowuldy. Tälimçi Winisiusa gödek oýun üçin ikinji sary duýduryş görkezilmäni sebäpli emine öte gyzmalyk bilen nägileligini bildirdi. «Meni aýan hakykaty aýdanym üçin kowdular. Eminlerde «Realyň» oýunçylary Çuamenä, Höýsene we Karrerasa sary duýduryş görkezmeli däl diýen ýazgy bardy. Biz munuň nähili bolýanyndan habarly» diýip, Marca neşiri Mourinýonyň oýundan soňky sözlerini getirýär. Stambulda 7 gol Gijäniň iň köp golly duşuşygy Stambulda boldy, onda «Galatasaraý» «Ýuwentusy» 5:2 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Italýanlar birinji ýaryma çenli garşylyk görkezseler-de, arakesmeden soň ýer eýeleri artykmaçlygy doly ele aldylar. «Galatasaraý» toparynda Noa Lang dubl etdi, beýleki üç goly bolsa Gabriel Sara, Dawinson Sançes we Saşa Boeý saldylar. «Ýuwentusda» Teun Koopmeýners iki gezek tapawutlandy. 67-nji minutda italýan toparyň goragçysy Huan Kabal ikinji sary duýduryş alyp, meýdançany terk etdi. PSŽ-niň «oýna dolanyşy» Myhmançylykda «Monako» bilen agyr duşuşykda «Pari Sen-Žermen» 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Ýer eýeleri Folarin Balogunyň iki golunyň netijesinde eýýäm 18-nji minutda 2:0 hasaby bilen öňe saýlanypdylar. Emma parižliler, esasan hem ätiýaçlykdan oýna giren Dezire Dueniň işjeňliginiň hasabyna oýnuň gidişini üýtgetmegi başardylar. 29-njy minutda Due bir gol aratapawudy azaltdy, 41-nji minutda bolsa Aşraf Hakimi hasaby deňledi. Ikinji ýarymyň başynda «Monakonyň» oýunçysy Aleksandr Golowin göni gyzyl duýduryş aldy. Şundan soň, 67-nji minutda Due owadan kombinasiýany gol bilen tamamlap, oýnuň nokadyny goýdy. Dortmundyň 100-nji ýeňşi Dortmundyň «Borussiýa» topary «Atalantany» 2:0 hasaby bilen ýendi. Gollary Seru Girassi we Maksimilian Baýer urdular. Bu oýun Çempionlar ligasyndaky 100-nji ýeňiş hökmünde nemes klubunyň taryhyna girdi. Penşenbä geçýän gije geçiriljek duşuşyklar: «Garabag» — «Nýukasl» (22:45-de başlaýar) «Brýugge» — «Atletiko» (01:00-da) «Budýo-Glimt» — «Inter» (01:00-da) «Olimpiakos» — «Baýer» (01:00-da)