BAE-niň täze döredilen Flkon Cars kompaniýasy milli superkarynyň dizaýnyny we tehniki häsiýetnamalaryny köpçülige tanyşdyrdy. Bu awtoulag Dubaýyň "Jebel-Ali" erkin ykdysady zolagyndaky zawodda ýygnalar we dünýäniň iň güýçli sport ulaglary bilen bäsleşer. Flkon superkary häzirki zaman gibrid ulgamlaryndan ýüz öwrüp, hakyky hereketlendiriji güýjüne we sürüji ussatlygyna daýanýar. Ol ýeňil we örän berk uglerod süýümli (carbon fiber) monokok kuzowa eýe. Hereketlendirijisi Chevrolet Corvette C8 Z06 modelinden alnan meşhur V8. Standart hökmünde 6 tizlikli mehaniki guty ýa-da islege görä robotlaşdyrylan wersiýasy bolar. Ähli elektron gorag ulgamlary Germaniýanyň Bosch kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýär. Kompaniýa müşderilere diňe bir ulagyň reňkini däl, eýsem onuň içki tehniki böleklerini hem bezemäge mümkinçilik berýär: ulagyň asma (podweska) böleklerini kümüş, mis ýa-da altyn örtük bilen örtüp bolýar. Flkon Cars wekilleriniň aýtmagyna görä, emeli sesleriň we awtomatizasiýanyň agdyklyk edýän döwründe, bu ulag dolandyryşy ýene-de sürüjiniň eline berýär. Taslamany doly durmuşa geçirmek üçin kompaniýa 88 million dirhem (takmynan 24 million dollar) maýa goýum toplamagy meýilleşdirýär. Ýyllyk arassa girdejiniň 30–130 million dirhem aralygynda bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda taslama diňe iri maýadarlar üçin ýapyk gapylaryň aňyrsynda görkezilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir