Türkmenistanyň Döwlet sirki tomaşaçylary 21-nji we 22-nji fewralda sagat 18:00-da geçiriljek şüweleňli çykyşlara çagyrýar. Tomaşaçylara dürli sirk sahnalary, artistleriň täze we gyzykly çykyşlary, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlar bilen görkeziljek täsin oýunlar görkeziler. Mundan başga-da, meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, «Türkmen jigitleri» toparynyň we «Gündogar ýyldyzlary» ansamblynyň ýaş artistleriniň çykyşlaryna aýratyn üns berler. Olar at çapmak ussatlygyny we beýleki däp bolan sirk oýunlaryny görkezer. Petekleri sirkiň resmi saýtyndan onlaýn satyn alyp bilersiňiz: sirk.gov.tm Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95, 36-10-34. Türkmenistanyň Döwlet sirki ýurduň ähli ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu ajaýyp şüweleňli agşamdan lezzet almaga çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir