Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. «Täze ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu nurana baýram kalplary parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk umydy bilen dolduryp, gadymdan bäri adamlary ýakynlaşdyryp gelýär» diýip, Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem, iki ýurduň halklarynyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady. Mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow ýetip gelen at ýylynda Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.