Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar. Telegram-yň administrasiýasy munuň ýaly çäreleriň güýçlendirilen moderasiýanyň bir bölegidigini belleýär. Algoritmler we barlag toparlary bikanun işleri utgaşdyrýan ýa-da ulanyjylary aldamak üçin ulanylýan kanal torlaryny has işjeň ýüze çykarýarlar. 2026-njy ýylyň başyndan bäri bloklanan jemgyýetçilik sahypalarynyň umumy sany 7,2 milliondan geçdi. Mundan ozal Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durow Android ulanyjylarynyň messenjeriň soňky on ýyldaky iň uly dizaýn täzelenmesini alandyklaryny habar beripdi.