Hytaý aý senenamasy boýunça täze ýyly garşylaýar. Şu günden, ýagny 17-nji fewraldan başlap, Hytaýda resmi taýdan Gyzyl ýanyp duran At ýyly başlandy — bu hytaý hronologiýasy boýunça 4723-nji ýyldyr. Däp boýunça bu baýrama "Bahar baýramy" diýilýär, emma köp sebitlerde heniz gyş höküm sürýär. Aý Täze ýyly hiç wagt anyk bir senä bagly bolmaýar: ol gyşky gün durşundan soňky ikinji täze aý dogan wagtyna düşýär we ýanwaryň ahyryndan fewralyň ahyryna çenli bolan döwri öz içine alyp bilýär. 2026-njy ýylda bu pursat hut 17-nji fewrala düşdi, ýyl bolsa 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda tamamlanar. Gyzykly maglumat: Ýewropa üçin adaty bolan 1-nji ýanwar - Täze ýyly Hytaýda o diýen gaty şowhun bilen däl, — uly meýlisler we şowhunly dabaralar bolmazdan bellenilýär. Hakyky baýramçylyk bolsa hut häzir başlanýar. Bahar baýramynyň taryhy dört müň ýyldan gowrak döwre uzaýar. Rowaýatlaryň birinde "Nýan" atly bir jandaryň ýylda bir gezek bukulyp ýatan ýerinden çykyp, gopgun döredendigi aýdylýar. Ony gorkuzmak üçin adamlar gyzyl reňki, ody we gaty sesleri ulanypdyrlar. Şeýlelikde, feýerwerkler, gyzyl çyralar we şowhunly ýörişler peýda bolupdyr — bular şu gün hem baýramyň aýrylmaz bölekleridir. 2026-njy ýylyň nyşany — Gyzyl ýanyp duran At. Hytaý däp-dessurlarynda At erkinligi söýmek, energiýa we üýtgeşmelere bolan ymtylyş bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle ýyl seýrek ýagdaýda asuda geçýär diýlip hasaplanýar: ol kynçylyklary, garaşylmadyk öwrümleri we çalt hereket etmegiň zerurlygyny nygtaýar. Şol bir wagtda, hut şeýle döwürlerde geljekki üstünlikleriň binýady tutulýar. Yrymlara görä, bu ýyl jogapkärçiligi öz üstüne almagy başarýan we kynçylyklaryň garşysyna gidip bilýän adamlar üçin aýratyn şowlulyk getirer. Baýramçylyk 15 günläp dowam edýär. Hemme zat täze zatlaryň ählisine ýer açmak üçin jaýlary doly arassalamakdan başlanýar. Öýler gyzyl çyralar we bagt arzuw edýän ieroglifler bilen bezelýär. Soňra bolsa baýramyň öň ýanyndaky agşamky maşgala nahary iýilýär. Munuň üçin millionlarça hytaýly müňlerçe kilometr ýoly söküp gelýär. Bu dünýädäki iň uly ýyllyk migrasiýadyr. Saçaga balyk (bolçulygyň nyşany), bütin towuk, uzyn unaş (uzak ömür üçin) we görnüşi boýunça gadymy altyn çekelere meňzeýän szýaoszy (börek) goýulýar. Aýratyn bir däp — içinde pul bolan hunbao atly gyzyl konwertler. Köplenç olar çagalara ýa-da maşgalanyň iň uly agzalaryna sowgat berilýär. Puluň mukdaryndanam beter — sowgatyň gowşurylyşy has wajypdyr. Esasy zat, berilýän puluň jübüt san bolmagydyr — jübüt sanlar dirileriň energiýasyny, täk sanlar bolsa merhumlaryň energiýasyny aňladýar. Näme sowgat bermek bolmaz? Hytaý yrymlaryna görä, Täze ýylda sowgat bermek gadagan bolan birnäçe zat bar: El ýaglyklar, saýawanlar we islendik ýiti gurallar — bular aýrylyşmagyň alamatydyr. Süpürgiçler, sary hrizantemalar we islendik ak reňkli gül — bular jaýlama dabarasynyň nyşanydyr. Sagat sowgat bermek — hytaý dilinde bu jümläniň aýdylyşy "jaýlama dabarasyny guramak" diýen söze gaty meňzeşdir. Baýramçylyk uly Çyralar festiwaly bilen tamamlanyar: köçeler yşyklar bilen dolýar, asmana bolsa müňlerçe otly çyralar goýberilýär. Aý Täze ýyly diňe bir Hytaýda däl, eýsem aý senenamesini ulanýan beýleki ýurtlarda hem: Koreýada, Wýetnamda, Malaýziýada, Indoneziýada we Mongoliýada hem bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir