Kosta-Rikaly barlagçylar takmynan 40 000 ýyl ozal ýaşan mastodontyň we äpet ýaltajanyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Ýerli häkimiýetiň wekilleri bu tapyndy ýurtda soňky onýyllyklaryň dowamynda ýüze çykarylan iň uly paleontologik tapyndydygyny mälim etdiler. Süňkler ýurduň paýtagty San-Hoseden gündogarda ýerleşýän Kartago welaýatynyň çägindäki hususy eýeçilikdäki ýerde tötänleýin tapyldy diýip, Milli muzeý habar berýär. Habarda «Topragyň dürli gatlaklaryna we ýeriň geologiýa seljermesine esaslanýan deslapky barlaglar galyndylaryň ýaşynyň 10 000 — 40 000 ýyl aralygynda bolup biljekdigini görkezýär» diýip bellenilýär. Häzirki wagtda barlagçylar süňkleriň 49 sany bölegini, şol sanda but süňküni, oňurga we gapyrga süňklerini çykardylar. Mastodont – pilleriň kowumdaşydyr. Äpet ýaltaja bolsa uzyn egri dyrnakly, agaçlarda ýaşap, juda haýal hereket edýän häzirkizaman ýaltajalaryň ata-babasydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir