Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň baş emini wezipesini ýaponiýaly Rýo Tanimoto ýerine ýetirer. Kömekçi hökmünde ýaponiýaly eminler Asada Takeşi we Ýosuke Takebe çykyş eder. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 2:2 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy. Resul Mämmedow asly Aşgabatdan bolup, ol FIFA-nyň öňki emini Mämmet Mämmedowyň ogludyr. Ol 2023-nji ýyldan bäri halkara derejesindäki futbol oýunlaryna eminlik edip gelýär. Resul Mämmedowyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň şeýle wajyp oýnunda ätiýaçdaky emin hökmünde bellenilmegi onuň halkara meýdançasynda ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir