Dünýäniň dürli ýerlerinde suwa giden gämileri agtarmak bilen meşgullanýan Shipwreck World guramasy Miçigan kölüniň düýbünde Lac La Belle bug gämisiniň tapylandygyny habar berdi. Associated Press neşiriniň ýazmagyna görä, bu gämi 150 ýyldan gowrak wagt ozal güýçli harasat sebäpli heläkçilige uçrapdy. Shipwreck World topary gark bolan gämileri gözleýji Pol Ehornyň ýolbaşçylygynda iş alyp bardy. Lac La Belle iň köp gözlenýän ýiten gämileriň biri hasaplanýardy. Ol 2022-nji ýylda Wiskonsin ştatynyň Rasin we Kenoşa şäherleriniň arasynda, kenardan 32 km uzaklykda tapyldy. Bu tapyndy barada häzire çenli habar berilmezliginiň sebäbi, hünärmenleriň gäminiň üç ölçegli modelini görkezmek islänligidir. Ýöne howa şertleri sebäpli 2025-nji ýylyň tomsuna çenli gäminiň ýanyna baryp bolmady. 80 ýaşly Ehorn bu bug gämisini 1965-nji ýyldan bäri tapmaga synanyşýardy. 2022-nji ýylda ol gözleg meýdanyny daraltdy we gapdal syn ediş gidrolokatoryň kömegi bilen bu gämini köle gideninden bary-ýogy iki sagatdan soň tapmagy başardy. Bu tapyndy ony diýseň begendirdi. Lac La Belle bug gämisi 1864-nji ýylda guruldy. Uzunlygy 66 metr bolan gämi Kliwlend bilen Ýokarky kölüň arasynda gatnaýardy. Ol 1866-njy ýylda Sent-Kler derýasynda gark boldy, emma üç ýyldan soň ony suwuň düýbünden çykaryp abatladylar. 1872-nji ýylyň 13-nji oktýabryna geçilýän gije, Miçigan kölünde harasat turan wagty, gämi Miluoki şäherinden Grand-Heýdene tarap ýola düşýär. Gämide 53 ýolagçy we ekipaž agzasy bardy. Ýola çykanyndan iki sagat geçensoň, gämi suw alyp başlaýar we kapitan halas ediş gaýyklaryny suwa düşürmegi buýurýar. Şol heläkçilikde sekiz adam kenara ýetip bilmän heläk bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir