Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda Gitanas Nauseda berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Litwanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Litwa döwletiniň dikeldilen güni her ýyl 16-njy fewralda bellenilýär. 1918-nji ýylyň hut şu gününde Wilnýus şäherinde Litwanyň garaşsyzlygyny dikeltmek hakyndaky Akta gol çekilipdi. Bu resminama garaşsyz Litwanyň döredilendigini yglan etdi we ýurduň uzak wagtlap daşary ýurt döwletleriniň häkimiýeti astynda bolmagyndan soň, milli döwletliligiň kemala gelmegi üçin esas boldy.