Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär. Olar detallar bilen işleýär, komponentleri gurnaýar we birikmeleri barlaýar. Bu wideoýazgy gumanoidleriň senagat gurşawynda öz nusgalaryny ýygnamak tapgyrlaryny üstüne alýandyklarynyň köpçülige ilkinji gezek görkezilmesidir. Dogrusy, robotlar häzirlikçe enjamy doly ýygnamaýar. Bu işi häzirem adaty senagat manipulýatorlary ýerine ýetirýär. Emma gumanoidler giňişlikde takyk ugur almagy talap edýän – stansiýalaryň arasyna detallary geçirmek, elýeterden kyn ýerlere düwünleri gurnamak we birikmelere gözegçilik etmek ýaly wezipeleri üstünlikli berjaý edýär. UnifoLM-X1-0 emeli aňy şol bir wagtyň özünde robotlara öwredýär hem olaryň hereketlerini güýçlendirýär. Bu bolsa önümçiligi bir robotyň ugry üýtgetmezden wezipeleri çalyşýan «çeýe fabrikler» konsepsiýasyna ýakynlaşdyrýar. Unitree zawodynda gumanoidleri we dört aýakly robotlary işläp düzýän barlaghanalar hem bar. Geçen ýyl kompaniýa amerikan bäsdeşleriniň umumy görkezijilerinden ýokary bolan 5500-den gowrak gumanoid enjamyny çykardy. Zawod logistikada we ýeňil önümçilikde köpçülikleýin ulanmak üçin G1 robotynyň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär. Robotlar häzirlikçe aýry-aýry amallary ýerine ýetirseler-de, olaryň ýygnamak işine gatnaşmagy awtonom önümçilige we takyk amallarda adamyň ornuny azaltmaklyga tarap ätiýaçly hem oýlanyşykly ädimdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir