Arheologlar Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyl diýlip çaklanylýan äpet pitonyň oňurgasyny tapdy. Bu tapyndy şeýle ýylanlaryň bir wagtlar adada ýaşandygyny subut edýän ilkinji gazylyp tapylan subutnamadyr. Barlagyň netijeleri Historical Biology žurnalynda çap edildi. Tapyndy Taýnan şäheriniň golaýyndaky Çiting gatlagyndan tapyldy. Oňurga Pythonidae maşgalasyna degişli bolan ýylanyňky hasaplanýar. Alymlar 3D-modelirleme arkaly bu ýylanyň daşky görnüşini dikeltdi. Onuň bedeniniň uzynlygy, takmynan, 3,7 metre ýetipdir. Oňurga orta pleýstosen döwrüne (800–400 müň ýyl ozal) degişli diýlip bellenilýär. Taýwanyň Milli uniwersitetiniň alymlary tapylan süňki zigosfenanyň (ýylanyň oňurga süňklerini birleşdirýän we olaryň güýçli towlanmagyny çäklendirýän süňk gurluşy) görnüşine görä anyklady. Pitonlarda ol giň we şine şekilli bolup, bu aýratynlygy bilen olar beýleki ýylanlardan tapawutlanýar. Barlagçylaryň pikiriçe, pleýstosen döwrüniň ahyrynda adanyň tebigy gurşawynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçipdir. Bu ýagdaýlar pitonlaryň we beýleki iri haýwan görnüşleriniň ýitip gitmegine sebäp bolupdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir