Ilon Mask özüniň X (ozalky Twitter) sosial ulgamynyň bir bölegine öwrüljek X Money atly täze maliýe platformasyny hödürledi. Bu taslama telekeçiniň ozal hem aýdyp geçişi ýaly, ähli hyzmatlary özünde jemleýän "super-app" (super goşundy) döretmek strategiýasynyň iň möhüm bölegi hasaplanýar. Maskyň sözlerine görä, täze hyzmat häzirki wagtda kompaniýanyň içinde ýapyk synag tertibinde işläp başlady. Bir-iki aýyň dowamynda çäkli sanly daşarky ulanyjylar üçin "beta" synaglary başlar. Synaglardan soň, X Money dünýäniň ähli künjeklerindäki X ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Ilon Mask bu hyzmatyň maliýe dünýäsinde "oýnuň düzgünlerini üýtgetjekdigini" nygtady: "X Money hakykatdan hem ähli pullaryň saklanýan we ähli maliýe amallarynyň (tranzaksiýalaryň) merkezi çeşmesine öwrülmelidir". X Money-niň nähili işlejekdigi barada ähli jikme-jiklikler heniz mälim edilmedi, ýöne käbir möhüm zatlar belli: ulanyjylar programmanyň içinden çykman, göni sosial ulgamynda söwda edip we pul serişdelerini biri-birine iberip bilerler. Taslama eýýäm ABŞ-nyň 40-dan gowrak ştatynda maliýe amallaryny geçirmek üçin zerur lisenziýalary aldy. Kompaniýa ozal Visa ýaly ägirt töleg ulgamlary bilen strategik hyzmatdaşlyklaryny yglan edipdi. Kriptowalýutalaryň ulanylyp-ulanylmazlygy baradaky çaklamalar heniz resmi taýdan tassyklanmady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir