Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy. Ýüzi goýy bulut gatlagy bilen örtülen Wenerany açyk-aýdyň synlamagyň kyndygy sebäpli, planetanyň relýefi radaryň kömegi bilen öwrenilýär. «Magellan» zondy hem ýerasty boşluklary gönümel ýüze çykaryp bilmese-de, suratlarda lawa turbasynyň üstündäki opurylmalaryň emele getiren radiolokasion çöketlikleri aýdyň görünýär. Tapylan desga planetanyň demirgazyk ýarym şaryndaky Nyx Mons wulkanynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Çak edilýän lawa turbasynyň diametri takmynan 1 kilometr bolup, onuň üstüni örtýän gatlagyň galyňlygy azyndan 150 metre, boşlugyň beýikligi bolsa azyndan 375 metre deňdir. Ýüze çykarylan opurylmanyň uzynlygy 300 metrden geçýär, emma gytaklaýyn alamatlara görä, tutuş tunel onlarça, hatda 45 kilometre çenli hem uzalyp biler. Mundan ozal Weneradaky lawa turbajyklary hakynda diňe nazary-teoretik çaklamalar bilen çäklenilýärdi. Täze maglumatlar planetanyň jümmüşiniň emele gelmeginde wulkanizmiň uly rol oýnandygyny görkezýär we onuň geologik taryhyny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir