Ýewropa zolagyna girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri halkara hasaplaşyklarynda we bergi borçnamalaryny çykarmakda ýewronyň ornuny giňeltmek boýunça strategiýalary öwrener. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde maliýe özbaşdaklygyny berkitmäge we dollara bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar. Göz öňünde tutulýan çäreleriň arasynda energetika, çig mal, awiagatnawlar we goranmak senagaty ýaly pudaklaryň esasy gatnaşyjylary bilen gepleşikleri dikeltmek bar. Gepleşikleriň düýp özeni Ýewropanyň puluna artykmaçlyk bermek bilen, bahalary kesgitlemäge we döwlet satyn alyşlaryna bolan çemeleşmelere täzeden garamakdan ybarat. Energiýa serişdeleri bilen iri üpjün edijilere aýratyn üns berilýär. ÝB olaryň hasaplary ýewroda çykarmagyny gazanmaga çalyşýar. Şeýle hem Brýussel üçünji ýurtlary we kompaniýalary ýewroda nominirlenen obligasiýalary çykarmaga höweslendirmegi meýilleşdirýär. Ýewropa Bileleşigi ykdysady çökgünlikler döwründe ABŞ-nyň «dollar likwidligini bermäge döwtalap bolmazlygyndan» howatyrlanýar. Muňa alternatiwa hökmünde hyzmatdaşlara ýewroda likwidlige elýeterlilik hödürlenip bilner. Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard düzgünleşdirijiniň Ýewropa zolagynyň daşyndaky merkezi banklar üçin öz gurallarynyň özüne çekijiligini artdyrmagyň üstünde işleýändigini mälim etdi. Ol söwdada ýewro geçilmeginiň tranzaksiýa çykdajylaryny azaltjakdygyny we eksportçylary walýuta nyrhlarynyň üýtgemeginden gorajakdygyny hem belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir