12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garady. Ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşmaga aýratyn üns berildi. Köptaraplaýyn platformalarda tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki gatnaşyklar we Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy barada gürrüň edildi. Mundan başga-da, ministrler Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli birek-birege gutlaglaryny beýan etdi.