Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli hem-de Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guraldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bäsleşige sebitiň etraplaryndan we şäherlerinden ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Gatnaşyjylar sekiz ugur boýunça öz ukyplaryny, ussatlyklaryny we zehinlerini görkezdi. Goşgularyň çeper okalmagy hem-de dessanlardan bölekleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aşakdaky zenanlar hormatly atlara mynasyp boldy: · Güljemal Soltanowa (Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri) — «Ýylyň işewür zenany»; · Täzegül Ýaýlymowa (Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy) — «Ýylyň çeper elli zenany»; · Sapargül Hallymämmedowa (welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň sungatda işjeň zenany»; · Mäzem Garlyýewa (Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň mährem zenany»; · M. Garabegowa (Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň uly derňewçisi) — «Ýylyň Watançy zenany»; · Togta Şyhyýewa (Bereket etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň müdiri) — «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»; · Bahar Berdiýewa (Hazar şäherçesinden telekeçi) — «Ýylyň telekeçi zenany»; · Gülsenem Garaýewa (Gyzylarbat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň halypa zenany». Ýeňijileriň ählisi bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Dabaraly ýagdaýda gatnaşyjylara ýörite sowgatlar gowşuryldy.