Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) we Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy (ECA) bilen Superliga taslamasyna gatnaşmak bilen baglylykda ylalaşyk gazanandygyny habar berdi. «Ýewropa futbolynyň bähbitleri ugrunda birnäçe aýlap dowam eden ara alyp maslahatlaşmalardan soň, UEFA, Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy we Madridiň “Realy” Ýewropanyň klub futbolynyň bähbidine gönükdirilen esasy ylalaşygyň gazanylandygyny yglan edýär» – diýip, «Realyň» resmi saýtyndaky beýanda aýdylýar. Şeýle-de, habarda: «Bu ylalaşyk, gutarnykly çözgüt tapylandan soň, Ýewropa Superligasy bilen baglanyşykly ýüze çykan hukuk dawalarynyň çözülmegine hem hyzmat eder» diýlip bellenilýär. Ispan KHBS-iniň bellemegine görä, ylalaşygynyň gazanylmagy «Real Madridiň» de-fakto (iş ýüzünde) Superligadan çykandygyny aňladýar. Mundan ozal, 7-nji fewralda «Barselona» hem şeýle karara gelendigini mälim edipdi. Şunlukda, taslamada indi hiç hili klub galmady. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň aprelinde yglan edilipdi. Ilkibaşda täze ýaryşyň başlanýandygyny Ýewropanyň 12 sany kluby öňe sürdi. Emma tiz wagtdan taslamadan ähli iňlis toparlary, soňra bolsa Milanyň «Interi» we Madridiň «Atletikosy» çykdy. Ýaryş FIFA, UEFA, milli assosiasiýalar, futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri we janköýerler tarapyndan ýiti tankyda sezewar boldy. Soňra Italiýanyň «Ýuwentus» kluby hem sanksiýalaryň basyşy astynda Superligadan çykmak ugrundaky işlere başlapdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir