Aşgabatda geçirilýän Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde «iDOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti we binagär Serjio Ferrandi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna (TDGI) bardy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär. Myhmanlar talyplar üçin leksiýa geçirip, öz hünär işleri barada gürrüň berdi we tejribeleri bilen paýlaşdy. Olar kompaniýanyň binagärlik hem-de dizaýn taslamalaryny görkezip, olary durmuşa geçirmegiň aýratynlyklaryny we häzirkizaman dünýä tejribelerini düşündirdi. Leksiýanyň esasy böleginden soň, talyplar bilen gyzykly söhbetdeşlik guraldy we italýan hünärmenleri talyplaryň soraglaryna jogap berdi. Soňra myhmanlar ýörite taýýarlanan sergini synlady. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleri, şol sanda institutyň täze binalar toplumynyň taslamasy tanyşdyryldy. Bu toplumyň gurluşygy häzirki wagtda çalt depginler bilen alnyp barylýar we täze binalaryň şu ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar. Institutyň birnäçe işläp taýýarlamalary eýýäm Aşgabat şäherinde durmuşa geçirildi. Italýan myhmanlaryna institutyň ekologiýa, serişdeleri rejeli peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary, gurluşyk, binagärlik, seýsmologiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugurlary boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumat berildi. Ylmy, bilimi we önümçiligi utgaşdyrmak maksady bilen, institutda IT ylmy-tehniki merkezi döredildi. Taraplar ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy. Türkmen instituty eýýäm gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň esasynda Wenesiýanyň Ka-Foskari uniwersiteti we Milanyň politehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.