Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Aşgabatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk hem-de ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir