Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dürli derejeli bäş sany medala mynasyp boldy. Türkmen toparynda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi. Ol 125 kg çenli superagyr agram derejesinde çykyş etmek bilen, bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna göterildi we altyn medaly eýeledi. Kümüş medala 65 kg çenli agram derejesinde Azatberdi Aşyrgulyýew mynasyp boldy. Bürünç medallary bolsa Azymberdi Aşyrgulyýew (57 kg çenli), Dagan Guwançmyradow (61 kg çenli) we Batyr Begenjow (74 kg çenli) aldy.