Steam sanly platformasynda awtoserwis dolandyrmak boýunça simulýator (öýkünme oýny) bolan "Car Service Together" atly oýun irki elýeterlilikde köpçülige hödürlendi. Taslama öz awto-ussahanaňy ýekelikde hem, birbada dört adam bolup hem ösdürmäge mümkinçilik berýär. Oýnuň esasy mazmuny garaždaky toparlaýyn işe esaslanýar. Toparyň her bir agzasy aýry-aýry wezipeleri ýerine ýetirýär: biri ulaglary ýuwýar, beýlekisi abatlamak we şaýlary sökmek bilen meşgullanýar, üçünjisi ulaglary reňkleýär, dördünjisi bolsa taýýar bolan ulagy synagdan geçirmek (test-draýw) üçin ýola çykýar. Işläp düzüjiler oýnuň esasyna awtomobilleri abatlamak we bezeg etmek arkaly dostlaryň bilen gyzykly wagt geçirmek ideýasyny goýdular. Toparlaýyn režimde sesli aragatnaşyk hem elýeterli bolup, ulanyjylaryň pikiriçe, munuň özi prosesi has-da amatly we özüne çekiji edýär. Häzirki wagtda Steam-da oýna berlen umumy baha "gatyşyk" diýlip bellenildi. Ulanyjylar oýnuň ilkinji sagatlarynda ýüze çykan tehniki bökdençliklere we gysga wagtyň içinde gyzyklylygyny ýitirýän çäkli mümkinçiliklere nägilelik bildirýärler. Şeýle-de, oýnuň terjime we lokalizasiýa bölümlerinde hem ýalňyşlyklaryň bardygy habar berilýär. Steam platformasynda "Car Service Together" oýnunyň bahasy 10 dollar diýlip kesgitlendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir