Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Ş.Geldynazarow 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýokary derejede geçirilen halkara maslahatlar hem-de 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada gürrüň berdi. Ş.Geldynazarow öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň türkmen halky we daşary ýurtly okyjylar üçin sowgat bolandygyny aýratyn belledi. Bu kitabyň ýurduň Bitaraplyk ýörelgesini ylmy taýdan öwrenmekde, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma boljakdygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir