Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýany «Adamzadyň doganlygy ugrunda» halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu sylagyň özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy, döwletara dialogy berkitmek hem-de parahatçylyk, durnuklylyk ugrunda päsgelçilikleriň deňinden geçmegi başarmak ýörelgeleriniň, häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini hem wezipelerini çözmekde örän möhüm, täsirli we öňdengörüji çemeleşmeler bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanda Azerbaýjan we Ermenistan Respublikalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garalýandygyny, aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. «Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmegi dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklary yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi bolar diýip ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynyň ahyrynda mümkinçilikden peýdalanyp, abraýly halkara sylagyna mynasyp bolanlara berk jan saglygyny, abadançylygy, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri hem-de goňşy ýurtlaryň halklaryna mizemez parahatçylyk, bagt, rowaçlyk, bütin dünýäniň ähli halklaryna abadançylygy hem parahatçylygy arzuw etdi.