Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi. Işgärleriň biri ulgamda $ belgisini "B" harpy bilen garyşdyryp, netijede, ujypsyzja pula derek ulanyjylaryň hasabyna müňlerçe bitkoin ugradyldyr. Sähel salymyň içinde biržanyň balansyndan takmynan 44 milliard dollar "ýitdi". 35 minutdan soň Bithumb ähli amallary togtadyp, serişdeleri yzyna gaýtarmaga başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, serişdeleriň 99,7%-ini yzyna gaýtarmak başartdy. Emma galan 0,3%-i gaýtaryp bolmady. Çalt pikirlenip ýetişen ulanyjylar birža bloklanmanka serişdelerini çykaryp ýetişdiler. Bu bolsa takmynan 132 million dollara barabardyr. Bithumb bu ýagdaýyň haker hüjümi däldigini, diňe bir içki düzgünleriň bozulmagy we adam ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykandygyny resmi taýdan tassyklady.