SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi. Şunlukda, Starship gämisini Marsa ibermek meýilnamalary wagtlaýyn yza süýşürilýär. Ýogsa, birnäçe wagt mundan öň hem Ilon Maskyň uzak möhletleýin strategiýasynyň esasy bölegi Marsa uçmak hasap edilýärdi. Aslynda, SpaceX Marsa gonuş tehnologiýalaryny kämilleşdirmek üçin eýýäm şu ýyl uçarmansyz uçuşy amala aşyrmaga hyýallanýardy. Indi bolsa esasy üns, Artemis III missiýasynda möhüm orun eýeleýän Starship gämisiniň – NASA-nyň kosmonawtlarynyň 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gonmagy meýilleşdirýän ýeri bolan Aýa tarap gönükdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir