4-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we «At-myrat» okuw merkeziniň okuwçylary bilen duşuşdy. Ol bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri ugrunda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýtdylar. «At-myrat» okuw merkezi atçylyk bilen gyzyklanýan çagalary we ýetginjekleri bir ýere jemleýär. Olar bu ýerde çapyksuwarlygyň esaslaryny, milli at üstündäki oýunlary we atly sporty özleşdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda okuwçylar umumybilim derslerini, daşary ýurt dillerini, matematikany, himiýany hem-de kompýuter sowatlylygyny öwrenýärler. Sapaklar möwsümleýin esasda alnyp barylýar, her tapgyrda 40-dan gowrak çaga bilim alýar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalarda bedewlerimize bolan söýgüni, mähri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan okuw merkezine 1 million 500 müň manadyň sowgat berilýändigini aýtdy. Bu serişdeler okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdiriler.