Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär. BSGG-niň saglygy goraýyş babatyndaky adatdan daşary ýagdaýlar maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Çikwe Ihekweazu Ženewadaky brifingde eden çykyşynda: «Şu gün BSGG 2026-njy ýyldaky dünýäniň iň agyr adatdan daşary ýagdaýlarynda esasy lukmançylyk hyzmatlaryny gaýgyrmazlyk üçin 1 milliard dollar bölüp bermek baradaky çagyryş bilen ýüzlenýär» diýip aýtdy. Ol bu serişdeleriň 36 sany adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goraýyş boýunça çäreleri goldamaga niýetlenilýändigini nygtady. Şeýle-de Çikwe Ihekweazu 2025-nji ýylda guramanyň iň köp maliýe goldawyny Ýewropa Bileleşiginden, Saud Arabystanyndan we Germaniýa Federatiw Respublikasyndan alandygyny aýtdy.