Toyota kompaniýasy «Highlander» modeliniň ornuny tutjak täze, üç hatar oturgyçly krossoweriniň içki keşbiniň ilkinji suratyny (tizerini) paýlaşdy. Ulagyň resmi danyşdyrylyşy 10-njy fewralda bolar, ýöne eýýämden görünýän zat — kompaniýa giňişlige we ýokary tehnologiýalara esasy ünsüni gönükdiripdir. Paýlaşylan suratda döwrebap interýeriň esasy elementlerini görmek bolýar: dolulygyna sanly ekrandan ybarat sürüji paneli; salonyň merkezinde ýerleşýän iri göwrümli multimedia ulgamy; ikinji hatarda biri-birinden aýry ýerleşýän amatly oturgyçlar; salony has giň we ýagty görkezýän uly panoramaly üçek. Deslapky maglumatlara görä, bu täze model 2021-nji ýyldaky bZ konseptine esaslanýan bZ25x elektrikli krossoweri bolup biler. Ulagyň önümçiliginiň 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda ABŞ-da başlamagyna garaşylýar. Toyota-nyň bu täzeliginiň arkasynda anyk bazar seljermesi ýatyr. Çünki Highlander-iň satuwy 2025-nji ýylda ABŞ-da 37% azaldy. Has uly göwrümli «Grand Highlander» modeline bolan isleg 91% ýokarlandy. Bu görkezijiler alyjylaryň has giň we üç hatar oturgyçly krossowerlere artykmaçlyk berýändigini subut edýär. Ýanwar aýynyň ahyrynda Toyota USA-nyň paýlaşan «Gözýetimde täze bir zat» diýen jümlesi köplerde pikap barada çaklama döredipdi, emma indi täze krossoweriň gelýändigi resmi taýdan tassyklanyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir