28-nji fewralda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera planetalarynyň gatnaşmagynda «planetalaryň kiçi ýörişi» bolar. Bu barada TASS habar berýär. Şol gün asman jisimleri asmanyň 20 graduslyk dar bir böleginde ýerleşer we jemlener. Moskwa planetariýasynyň berýän maglumatlaryna görä, fewral aýy boýunca agşamky asmanyň ýüzünde Ýupiter, Uran, Saturn, Neptun we Merkuriýni görüp bolar. Aý ahyrynda olara Wenera hem goşular. Şol döwürde agzalan alty asman jisiminiň dördüsi kiçi ýörişi emele getirer. «Şol pursatda Saturn, Neptun, Merkuriý we Wenera asmanyň dar (20 graduslyk) böleginde bir-birine ýakyn ýerleşer» diýlip, planetariýanyň habarynda bellenilýär. Bu astronomik hadysa birnäçe planetanyň asmanyň çäkli bir böleginde jemlenmegi netijesinde teleskopsyz saýgaryp bolýan derejede ýüze çykýar. Kiçi ýörişe dört sany asman jisimi gatnaşýan bolsa, uly ýörişe bäş we ondan hem köp planetanyň gatnaşmagyna garaşylýar.