Collider neşiri ähli döwürleriň iň beýik 20 fentezi filminiň reýtingini çap etdi. Sanawdaky orunlar žanryň meşhurlygyny, onuň ähliumumylygyny we emosional täsirini kesgitleýär. «Fentezi filmlerini söýmezlik mümkin däl. Jady, haýran galdyryjy derejede oýlap tapylan dünýäler we gorkunç mifiki jandarlar baradaky hekaýatlar kinematografiýanyň döredilen gününden bäri tomaşaçylary özüne bendi edip gelýär. Şol sebäpli ähli döwürleriň iň söýülýän we ykrar edilen eserleriniň arasynda hut fentezi žanrynyň köp bolmagy geň däl» diýip, neşiriň kino tankytçysy Diego Pineda belledi. Sanawyň birinji ornuny Piter Jeksonyň trilogiýasynyň jemleýji bölegi bolan «Ýüzükleriň hökümdary: Patyşanyň dolanmagy» (2003) eýeledi. Collider-iň redaksiýasynyň pikirine görä, bu degişli žanryň iň giňişleýin we kämil eseridir. «Film örän gyzykly, emosional taýdan güýçli we tutuş dowamynda haýran galmakdan ýaňa agzyňy öweltdirip goýýar» diýip, žurnalistler ýazýarlar. Ikinji orun Frenk Kapranyň «Bu ajaýyp durmuş» (1946) filmine degişli boldy. Düýpli ruhy çökgünligi başdan geçirýän adam hakyndaky kinoda perişde baş gahrymana onuň durmuşynyň töwereklerindäkiler üçin ähmiýetli taraplaryny görkezýär. Collider bu lentany «maşgala, Roždestwo täsinligi we erkekleriň ruhy saglygy baradaky täzeçil film» diýip atlandyrýar. Üçlügi «Oz ýurdunyň jadygöýi» (1939) atly klassyk film jemleýär. Neşir oňa «her bir adamyň görmeli şedewri» diýip baha berýär. Collider-iň netijesi boýunça fentezi filmleriniň doly top-20-ligini şeýleräk görnüşde düzýär: «Ýüzükleriň hökümdary: Patyşanyň dolanmagy» («Властелин Колец: Возвращение короля» 2003); «Bu ajaýyp durmuş» («Эта прекрасная жизнь» 1946); «Oz ýurdunyň jadygöýi» («Волшебник страны Оз» 1939); «Fanni we Aleksandr» («Фанни и Александр» 1982); «Jon Malkowiç bolmak» («Быть Джоном Малковичем» 1999); «Ýyldyz söweşleri. Epizod V: Imperiýa garşylykly zarba urýar» («Звездные войны. Эпизод V: Империя наносит ответный удар» 1980); «Gelinlik şa gyzy» («Принцесса-невеста» 1987); «Willi Wonka we şokolad fabrikasy» («Вилли Вонка и шоколадная фабрика» 1971); «Fawnyň labirinti» («Лабиринт Фавна» 2006); «Ruhlaryň äkidilenleri» («Унесенные призраками» 2001); «Ýagyşdan soňky dolan Aýyň ertekileri» («Сказки полной луны после дождя» 1953); «Makario» («Макарио» 1960); «Ýedinji möhür» («Седьмая печать» 1957); «Mukaddes dag» («Святая гора» 1973); «Perişdäniň ýumurtgasy» («Яйцо ангела» 1985); «Monti Paýton we mukaddes Graal» («Монти Пайтон и священный Грааль» 1975); «Ýüzükleriň hökümdary: Iki gala» («Властелин Колец: Две крепости» 2002); «Ýüzükleriň hökümdary: Ýüzük doganlygy» («Властелин Колец: Братство Кольца» 2001); «Geljekden gelen ýigit» («Бойфренд из будущего» 2013); «Ýaşyl milýa» («Зеленая миля» 1999). Mundan başga, Collider şowsuz jemleme bilen tomaşaçylaryň göwnüni ýykan seriallaryň sanawyny-da çap etdi. Bu anti-reýtinge şular girdi: «Ambrella»akademiýasy» («Академия «Амбрелла»); «Tagtlaryň oýny» («Игра престолов»); «Diri galmak» («Остаться в живых»); «Ýabany Günbatar dünýäsi» ( «Мир Дикого Запада»); «Ýüzlük» («Сотня»); «Kart öýi» («Карточный домик»); «Hakyky gan» («Настоящая кровь»); «Ýewany öldürip» («Убивая Еву»); «Men siziň ejeňize nädip duşdum» («Как я встретил вашу маму»); «Dekster» («Декстер»); «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела» ).