Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Kompaniýanyň azyndan bir aksiýasyna eýe bolanlar bu tokenleri almak hukugyndan peýdalanyp bilerler. Şeýle-de, Trump Media ýylyň dowamynda hasaba alnan aksiýa eýelerine döwürleýin dürli sylaglary hödürlemegi meýilleşdirýär. Bulara kompaniýanyň önümleri bilen baglanyşykly ýeňillikler ýa-da arzanladyşlar, ýa bolmasa aýratyn ýokary derejeli çärelere gatnaşmak mümkinçiligi girip biler. Kriptowalýutanyň çykarylyşy, paýlanylyşy we tokenleriň geçiriliş tertibi baradaky goşmaça maglumatlar biraz soňra mälim ediler. «Trump Media-nyň aksiýa eýelerine berlen sanly tokenler Trump Media-daky ýa-da başga bir guramadaky paýy aňlatmaýar. Şonuň üçin token eýeleri beýleki şahslaryň esasy dolandyryş tagallalaryndan gelýän peýdany öz içine alýan sylaglara tamakin bolmaly däldir» diýip, TMTG düşündiriş berdi.