Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy. Attraksionyň iň ýokary tizligi sagatda 250 kilometre ýetýär. Edil şonuň ýaly, Iron Rattler iň beýik eňňitli attraksion hökmünde ykrar edildi. Spitfire attraksiony bolsa başaşak agdarylmaly attraksionlaryň arasyndaky beýikligi boýunça rekord goýdy. Täze seýilgäh Er-Riýadyň golaýynda ýerleşýär. Ol şäheriň töweregindäki çöllük meýdanyň ep-esli bölegini iri syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwürmek ugrundaky strategiýanyň bir bölegidir. Geljekde bu meýdanda kiber-sport arenasy, stadion we akwapark hem gurulmaly. Täze seýilgäh Six Flags kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikanyň çäginden daşynda guran ilkinji desgasydyr. Onuň gurluşygy takmynan dört ýyl dowam etdi. Toplumyň meýdany 32 gektara deňeçer bolup, onda attraksionlar, restoranlar we söwda zolaklary jemlendi. Six Flags Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde «Six Flags Qiddiya City»-niň açylandygyny buýsanç bilen yglan edýär. Çünki bu taslamanyň ähmiýeti sebitdäki dynç alyş pudagyny täzeden kesgitlejek derejede ýokarydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir