«Kömek iberiň!» («Send Help») atly komediýa trilleri ekrana çykan ilkinji günlerinden Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi. Režissýor Sem Reýminiň surata düşüren filmi ABŞ-da we Kanadada 20 million dollar toplady. Filmde bir aýal (roly ýerine ýetiren Reýçel MakAdams ) bilen onuň başlygy (Dilan O’Braýen) uçar heläkçiliginden soň, adam-garasyz bir ada düşýär. Bu ýerde olar diri galmak ugrunda göreşýärler. Demirgazyk Amerikanyň daşyndaky prokatlar filme ýene 8 million dollar girdeji getirdi. Şunlukda, filmiň häzirki wagtda dünýä boýunça jemi gazanjy 28 million dollara deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir