20th Century Studios studiýasy «Melgun Prada geýinýär» filminiň dowamynyň ilkinji doly göwrümli treýlerini hödürledi. Kinofilmiň halkara prokatyna çykarylyşy 1-nji maýa meýilleşdirildi. Filmiň treýleri Madonnanyň meşhur «Vogue» aýdymynyň astynda berlipdir. Wakalar birinji bölümdäki wakalardan birnäçe ýyl soňra bolup geçýär. Baş gahryman Endi Saks «Runway» moda žurnalyna dolanyp gelýär, ýöne bu gezek ol kömekçi däl-de, makalalar bölüminiň redaktory wezipesini eýeleýär. Endiniň dolanyp gelşi öňki joşguny bilen garşylanmaýar. Miranda Pristli ony sowuk kabul edýär we sýužete görä, öňki kömekçisini tanaýandygyny hem bildirmeýär. Endä diňe art-direktor Naýjel goldaw berýär. Deslapky maglumatlara görä, filmiň sýužeti Miranda Pristliniň çap edilýän žurnalistikadaky çökgünlige garşy alyp barýan göreşiniň töwereginde bolar. Filmde öz rollaryna Enn Heteueý, Meril Strip, Stenli Tuççi, Emili Blant, Treýsi Toms we Tibor Feldman ýaly ýyldyzlar dolanyp geldiler. Kennet Brana, Simona Eşli, Lýusi Lýu, Jastin Teru, B. J. Nowak, Polin Şalame, Reýçel Blum, Patrik Bramall we meşhur aýdymçy Ledi Gaga ýaly täze gahrymanlar peýda bolar. Filmiň üstünde ýene-de ilkinji bölümiň topary işledi. Režissýorlyk kürsüsinde Dewid Frenkel oturdy, ssenariýany bolsa Alina Broş MakKenna ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir