Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi. Täze modeliň iň esasy aýratynlygy — çylşyrymly programmirleme talap etmezden, awtonom usulda gözegçilik etmek we täze endikleri öwrenmek ukyby bolar. Maskyň aýtmagyna görä, robot adamlaryň hereketlerini yzarlap, wideoşekilleri seljerip ýa-da dilden berlen görkezmeleri kabul edip, täze başarnyklary özbaşdak özleşdirip biler. «Bu täze endikleri adamyň hereketlerini yzarlamak arkaly öwrenmäge ukyply uniwersal robot bolar. Siz oňa bir hereketi görkezip, ony söz bilen düşündirip ýa-da wideony seretdirip bilersiňiz, ol bolsa şony ýerine ýetirer. Onuň ukyplarynyň hemmeleri haýran galdyrjakdygyna ynanýaryn» — diýip, Mask belledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tesla-nyň bu ulgamyň gurluşyny noldan täzeden işläp düzendigini we bar bolan önümçilik zynjyrlaryna garaşly däldigini aýratyn nygtady. Mundan ozal Ilon Mask ýakyn geljekde bu robotlaryň ýyllyk önümçilik mukdarynyň 1 million birlige ýetjekdigini çaklapdy.