2026-njy ýylyň «Superbouly» (Super Bowl) hatda oýun başlamazdan ozal täze rekordlary goýup başlady. 9-njy fewrala geçilýän gije geçiriljek amerikan futbolynyň final duşuşygy dünýäniň iň gymmat efir wagty statusyny ýene bir gezek tassyklady. Bu ýyl 30 sekuntlyk reklama wagtynyň bahasy 10 million dollara çenli ýokarlandy. Belläp geçsek, bary-ýogy bir ýyl ozal şol bir wagt aralygy takmynan 8 million dollara deňdi. «Superboul» eýýäm diňe bir sport oýny bolmagyň çäklerinden çykdy. Bu bütindünýä derejesindäki telewizion wakadyr. Efiriň her bir sekundy altyn bilen deň hasaplanýar we dünýä belli brendler köp millionlyk tomaşaçylaryň ünsüni çekmek üçin ägirt uly serişdeleri sarp etmäge taýýar. Şeýle-de, iri kinokompaniýalar «Superboulyň» göni ýaýlymyny geljekki filmleriniň täze treýlerini görkezmek üçin esasy meýdança hökmünde ulanýarlar. Reklama berijileriň resmi sanawy entek doly çap edilmedik hem bolsa, Disney, Lionsgate, Paramount we Illumination ýaly studiýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir