Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir. Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi. Anyklanylmagyna görä, bu aýallar mundan 7 müň ýyl ozal, Saharanyň derýalar we köller bilen gurşalan ýaşyl sawanna bolan döwründe ýaşapdyrlar. Genetiki seljerme olaryň ozal nämälim bolan demirgazyk afrika şahasyna degişlidigini görkezdi. Bu şaha Marokkonyň 15 müň ýyllyk taryhy bolan iberomawritan medeniýetiniň ilatyna ýakyndyr. Şunuň özi-de sebitiň ilatynyň genetiki taýdan uzak wagtlap durnukly galandygyny görkezýär. Şeýle-de, maglumatlar aragatnaşyk üçin amatly tebigy şertleriň bolandygyna garamazdan, bu ilatyň Saharanyň günortasyndaky Afrika halklary bilen göze ilerlik derejede garyşmandyklaryny subut edýär. Genomda neandertal DNK-synyň ujypsyz garyndysy hem tapyldy. Bu bolsa gadymky Ýewraziýadan Demirgazyk Afrika tarap «yzlygyna migrasiýanyň» yşaratydyr. Barlag Saharada maldarçylygyň adamlar köpçülikleýin göçüp gelmesizden ýaýrandygyny görkezdi. Ýerli awçy-ýygnaýjylar genetiki dowamlylygy saklap, täze bilimleri we haýwanlary özleşdiripdirler. Alymlar bu gadymy ilatyň yzlaryny Günbatar Afrikanyň çarwa maldarlary bolan häzirki fulbe halkynda ýüze çykardylar.