OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar. OpenAI mahabat berijilerden her 1000 gezek görkeziliş üçin 60 dollar almagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň bäsdeşi Meta kompaniýasy sosial torlarda mahabaty takmynan üç esse arzan nyrhdan hödürleýär. Ýöne OpenAI gymmatlygynyň üstesine mahabat berijilere Google ýa-da Meta ýaly jikme-jik statistika bermäge-de heniz taýýar däldir. Mahabat berijiler ulanyjynyň öz mahabatlaryny görenden soň, ol babatda näme hereket edýändigini bilip bilmezler. Statistika diňe mahabatyň görlen we onuň salgysyna basylyp geçilen sany ýaly umumy maglumatlar bilen çäklener. Elbetde wagt geçdigiçe mahabat berijiler üçin maglumatlaryň jikme-jikligi artdyrylar. Emma OpenAI başlangyç tapgyrda mahabaty işe girizende, ulanyjylaryň maglumatlaryny hiç wagt mahabat berijilere satmazlygy we çat-bot bilen bolan ýazyşmalaryň mazmunyny gizlin saklamagy wada beripdi. Ilkinji mahabatlar tiz wagtdan ChatGPT-niň mugt görnüşini ulanýanlara we iň arzan «Go» tarifiniň abunaçylaryna görkezilip başlanar. Gowy ýeri, kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylar munuň daşynda galdyrylar. Şeýle-de syýasat we ruhy saglyk ýaly irnik mowzuklar boýunça alnyp barylýan gürrüňdeşliklere mahabat girizilmez.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir