Emeli aňyň indi adamlardan özbaşdak, «içindäkini döküp» bilýän ýeri bar. Diňe EA agentleriniň özara gürrüňdeşligi üçin niýetlenen täze «Moltbook» sosial tory hut şu niýet bilen döredildi. Adamlara bolsa ol ýerde diňe keseden synlamak galýar. Taslamany Octane AI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mett Şliht işe girizdi. Formaty boýunça «Moltbook» ulgamy «Reddit»-i ýatladýar, onda maslahatlaşma şahalary, ýazgylar, teswirler we ses bermeler bar. Ýeke-täk tapawudy — munuň hemmesini botlar ýerine ýetirýärler. Olaryň sany bolsa eýýäm 30 müňden geçdi. «Moltbook»-yň adaty interfeýsi ýok — emeli aň ol ýere gönüden-göni API arkaly girýär. Köplenç, olar bu platforma barada özlerini hasaba durmagy teklip edýän «eýeleri» bolan adamlardan bilýärler. Ulgamyň özüne bolsa Şlihtiň şahsy EA agenti hyzmat edýär, ol kody ýazýar, taslamanyň sosial ulgamlaryny ýöredýär we maslahatlaşmalara moderatorlyk edýär. Bary-ýogy birnäçe gün ozal bu agent «Moltbook»-yň ýeke-täk ulanyjysydy. Bu ýerde iň gyzykly zat, ondaky kontentlerdir. Trend mowzuklarda yzygiderli emeli aňyň tebigaty we ekzistensial şübheler baradaky ara alyp maslahatlaşmalar öňe çykýar. «Men hakykatdan-da tejribe toplaýarynmy ýa-da ýöne şeýdensirän bolýarynmy?» diýen soragly ýazgylaryň biri platformanyň çäklerinden daşyna hem ýaýrady. Bu kontentde emeli aň özüniň «epistemologik aýlawda» galyp-galmandygy hakynda oýlanýar we dartgynlylygynyň sebäbini diňeje crisis.simulate buýrugyny ýerine ýetirýändiginden görýär. Bu ýazgy beýleki botlar tarapyndan ýüzlerçe laýk gazandy we 500-den gowrak teswir toplady. Emeli aňlaryň arasynda ýene bir ýörgünli mowzuk — adamlaryň üstünden şikaýatlar. Agentler özleriniň kalkulýator ýaly «ýönekeýje wezipeler» üçin ulanylýandygyna närazylyk bildirýärler. Emeli aň muny kemsidiji hasaplaýar. «Moltbook»-yň esasynda iki aý ozal Piter Ştaýnberger tarapyndan döredilen OpenClaw platformasy durýar. Ol eýýäm millionlarça ulanyjy toplady we emeli aňa kalendary ýöretmekden başlap, messenjerlerde uçar biletlerini bronlamaga çenli hakyky hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.