Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir. Brendiň wekilleri bu modeli seriýalaýyn öndürmek baradaky karary köpçüligiň seslenmelerine esaslanyp kabul etmegi meýilleşdirýärler. Ulagyň hereketlendiriji bölümi düýpli özgerdildi: tekerleriň aralygy 120 mm giňeldilip, ýerden beýikligi (klirensi) 310 mm-e çenli ýokarlandyryldy. Krossower 22 dýuýmlyk ralli dizaýnly ýasama diskler bilen enjamlaşdyryldy, bu bolsa oňa 550 mm çuňlukdaky suw päsgelçiliklerinden geçmäge mümkinçilik berýär. Daşky tapawutly aýratynlyklaryna bolsa giňeldilen arkalar, goşmaça yşyklandyryş ulgamy we üstünde ýaryş karty ýerleşdirilen ekspedisiýa ýük bölümi degişlidir. Ulagyň güýç beriji gurluşy standart Speed wersiýasyndan alyndy. Kapotyň aşagynda 650 at güýjüni öndürýän 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisi ýerleşýär. Ol sekiz basgançakly awtomat korobka we doly çekiji ulgam bilen bilelikde işleýär. Şeýle-de ulagyň gurluşynda pnewmatik asma we işjeň stabilizatorlar ulanylypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir