Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy göteriji kuzowly Santa Cruz pikapynyň önümçiligini meýilleşdirilen möhletinden öň duruzmagy karar etdi. Bu barada «Automotive News» neşiri habar berýär. Ilkibaşda bu modeliň önümçilik döwri 2027-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli dowam etmeli diýlip meýilleşdirilipdi. Emma satuw görkezijileriniň pes bolmagy sebäpli, ýakyn aýlarda önümçilik möçberleri kem-kemden azaldylyp başlanar. Häzirki wagtda ABŞ-nyň dilerlik merkezlerinde bu ulagyň artykmaç gory emele geldi — bar bolan ätiýaçlyk harytlar birnäçe aýlap söwda etmäge ýeterlikdir. Şol sebäpli hem awtoöndüriji boşan önümçilik liniýalaryny has uly isleg bildirilýän Tucson krossoweriniň önümçiligine ulanmagy meýilleşdirýär. Santa Cruz modeliniň önümçilikden aýrylýandygyna garamazdan, Hyundai pikap segmentinden doly çykmakçy däl. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli has kuwwatly ramaly pikap döretmegi meýilleşdirýär. Täze taslama üçin General Motors ýa-da Kia platformalary esas bolup biler. Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň ortalarynda tanyşdyrylan Kia-nyň ramaly Tasman pikapy garaşylan netijeleri bermedi. Awstraliýa bazarynda ýylyň jemleri boýunça bu model Ford we Toyota ýaly bäsdeşlerinden ep-esli yza galdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir