Amerikaly meşhur režissýor Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» diýen ugurda «Grammy» baýragyna mynasyp boldy. Baýraklaryň gowşuryş dabarasy öten agşam Los-Anjeles şäherinde geçirildi. Spilberg bu baýragy «Jon Wilýamsyň sazy» («Музыка Джона Уильямса») atly dokumental filmiň prodýuseri hökmünde gazandy. Bu film dünýä belli kompozitor we dirižýor Jon Wilýamsyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýär. Jon Wilýams Spilbergiň öz düşüren «Şindleriň sanawy» («Список Шиндлера»), «Ýura döwrüniň seýilgähi» («Парк Юрского периода»,), «Hatarçy Raýany halas etmek» («Спасти рядового Райана»), «Dünýäleriň urşy» («Война миров») atly filmleriniň, şeýle hem «Garri Potter» we «Ýyldyzlar urşy» («Звездные войны») ýaly meşhur kinolaryň sazyny döretdi. The Hollywood Reporter neşiriniň ýazmagyna görä, bu täze baýraga eýe bolmagy Spilbergi «EGOT» diýlip atlandyrylýan sanawdaky şahsyýetleriň sanawyna goşdy. Bu sanawa dünýäniň iň abraýly dört baýragy— «Emmi», «Grammy», «Oskar» we «Toni» baýraklaryna eýe bolan adamlar girýär. Režissýor dabarada eden çykyşynda: «Bu ykrar edilme meniň üçin örän uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Jon Wilýamsyň medeniýete we saza ýetiren täsiriniň ölçegsizdigini, onuň ussatlygynyň bolsa hiç zat bilen deňleşip bilmejekdigini men eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri bilýärin» diýip, tolgunma bilen belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir