«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy. Bu görkeziji, soňky on ýylyň içinde dokumental kinolar üçin iň ýokary netijedir. Bilermenler başda girdejiniň 3–5 million dollar töweregi boljakdygyny çaklan bolsalar-da, premýeradan soňra bu çaklamalar has ýokarlandy. Film hatda Jeýson Stethemiň gatnaşmagyndaky täze uruşly filmden hem ozup geçmegi başardy. The Hollywood Reporter neşiriniň ýazmagyna görä, bu üstünlik konserwatiw garaýyşly tomaşaçylaryň gyzyklanmasy bilen baglydyr. Filmiň ilkinji günündäki tomaşaçylaryň 72 göteriminden gowragynyň 55 ýaşdan uly aýallaryň bolmagy-da munuň şeýledigini subut edýär. Emma «Melaniýa» babatda tankytçylar bilen tomaşaçylaryň pikirleri asla gabat gelmeýär. Rotten Tomatoes saýtynda hünärmen synçylaryň diňe 11 göterimi filme oňat baha beren bolsa, tomaşaçylaryň 99 göterimi ony halandyklaryny bildirdiler. Beýle uly aratapawut žurnalistleri iňkise gidirýär. Şol bir wagtda Metacritic saýtynda hünärmenler filme 100-den 7 ball, ulanyjylar bolsa 10-dan bary-ýogy 1,3 baha goýdular. Bu filmiň mahabat işleri üçin rekord derejede — 35 million dollaryň sarp edilendigini-de aýtmak gerek. Onuň umumy býujeti bolsa 75 million dollara ýetdi. Hut şularyň özi-de «Melaniýa» taryhda iň gymmada düşen dokumental film adalgasyny berýär. Film Donald Trampyň wezipesine girişmezden öňki 20 günüň içinde Melaniýanyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýär. Onda dürli häsiýetli söhbetdeşlikler, resmi dabaralardan pursatlar we şahsy gürrüňler görkezilýär. Filmiň režissýory — Brett Ratner. Amazon kompaniýasynyň bu filmi görkezmek hukugy üçin 40 million dollar töländigi aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir