Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi. Diňe 2025-nji ýylyň iýun aýynda 7 mm ygal hasaba alnyp, ujypsyzja artyş hasaba alyndy. Emma 2026-njy ýylyň ýanwar aýy ygal derejesiniň diňe bir klimatik kadadan geçmän, eýsem ondan iki esseden hem köp bolan ilkinji aýy boldy. Aýyň dowamynda paýtagtymyza 44,3 mm ygal düşdi, bu bolsa ortaça klimatik kadanyň 211%-ne deňdir. Ygalyň iň uly mukdary esasan iki döwürde hasaba alyndy: 14–17-nji ýanwar aralygynda: 21 mm ygal düşdi; 21–22-nji ýanwar aralygynda: 20,8 mm ygal hasaba alyndy. Belläp geçsek, diňe 21-nji ýanwarda 12 sagadyň dowamynda 14 mm ygal düşdi. Aýyň dowamynda Aşgabatda üç günüň — 21, 22 we 23-nji ýanwar günleriniň dowamynda gar örtügi saklandy. Garyň galyňlygy iň ýokary derejesinde 4 sm-e ýetdi, ortaça galyňlyk bolsa 2 sm töweregi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir