San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada "Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär. Migrasiýa we göçüş meseleleri bilen meşgullanýan kompaniýanyň hünärmenleri ilkinji üçlüge Sýurih we Dubaý şäherlerini hem goşdular. Reýting telekeçilik işjeňligine, innowasiýalaryň derejesine, hünärmen gorunyň hiline we biznesi dolandyrmagyň çeýeligine esaslanyp düzüldi. Startaplar üçin iň gowy 10 şäher: San-Fransisko, ABŞ Sýurih, Şweýsariýa Dubaý, BAE Singapur Nýu-Ýork, ABŞ Los-Anjeles, ABŞ Seul, Günorta Koreýa London, Beýik Britaniýa Gonkong Pariž, Fransiýa "Startaplar ýerli baýlygy täzeden paýlaýarlar, täze nesil telekeçileri terbiýeleýärler we şäheriň mümkinçilikler üçin açykdygy barada dünýä yşarat berýärler" — diýip, "Multipolitan" hünärmenleri bellediler.