Ostin şäherinde (ABŞ) Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz taksileri ulagy hakyky adamyň dolandyrýan ýagdaýlary bilen deňeşdirilende has ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli müdirliginiň (NHTSA) maglumatlaryna görä, geçen ýylyň iýul-noýabr aýlary aralygynda robotaksiler parky takmynan 805 müň kilometr ýol geçip, şol döwürde 9 sany heläkçiligi hasaba aldy. Edaranyň statistikasy awtonom ulaglaryň gatnaşmagyndaky wakalaryň ortaça her 88,5 müň kilometrden bir gezek bolup geçýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ulagyň salonynda gözegçilik edýän operatoryň bolmagyna garamazdan ýüze çykýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, adaty sürüjilerde agyr ýol heläkçilikleri ortaça her 800 müň kilometrde bir gezek, islendik derejedäki hadysalar bolsa her 320 müň kilometrde bir gezek hasaba alynýar. Tesla ulaglary bilen bagly hasaba alnan hadysalar ujypsyzja hasaplanyp, olar agyr netijelere getirmedi. Şuna meňzeş derňewler beýleki kompaniýalara hem degişlidir. Mysal üçin, ýakynda Waymo kompaniýasynyň sürüjisiz ulagy bir çagany kakdy. Şeýle-de bolsa, Waymo-nyň wekilleri awtomatikanyň duýdansyz dörän päsgelçiliklere adama garaganda has çalt täsir edýändigini öňe sürýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir