Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady. Şunlukda her bir medal iki bölekden ybaratdyr. Onuň öň tarapynyň ýarysy tekiz, ýarysy bolsa digir-digir edilip ýasalan. Arka tarapynda Oýunlaryň nyşany we baýragyň haýsy ugur boýunça gazanylandygy baradaky maglumat ýerleşdirilipdir. Bu ikä bölünişik oýunlary kabul edýän iki şäheriň birleşmegini, şeýle-de agzybirlik we ýeňşe barýan bilelikdäki ýol diýen manyny aňladýar. Guramaçylar bu gezek ekologiýa arassalygyna hem aýratyn üns berdiler. Medallar gaýtadan işlenilen materiallardan taýýarlanyldy. Olaryň metaly Italiýanyň Döwlet teňňe hanasynyň we poligrafiýa institutynyň önümçilik galyndylaryndan alnypdyr, zikgelenme işleri bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa arkaly işleýän induksion peçlerde alnyp barlypdyr. Medallaryň düzümi: Altyn medallar 999-njy proba kümüşden ýasalyp, ýüzüne 6 gram sap altyn çaýyldy. Kümüş medallar çaýylmazdan, şol bir düzümden ybarat. Bürünç medallar mis garyndysyndan taýýarlanyldy. Olimpiýa oýunlarynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça baýraklary bir wagtda birnäçe türgeniň alýandygyny göz öňünde tutup, jemi 116 ugur boýunça 245 sany medal toplumy taýýarlanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir